17-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa
ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyrdy.
Ir säher bilen
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň gözel
künjekleriniň birine geldi. Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde, howanyň amatly
pursatlarynda ösümlikleriň gül açýan mahalynda sährada özboluşly ajaýyp görnüş
emele geldi. Çöllük ýerlerden geçmäge ukyply ulagda amala aşyran saparynyň
barşynda döwlet Baştutanymyz sähranyň ajaýyp görnüşlerini synlady.
Döwlet
Baştutanymyz Garagum sährasynyň täsin tebigy künjekleriniň birinde saklandy. Bu
ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary E.Orazgeldiýew bu sähranyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony
baýlaşdyrmak boýunça taýýarlanylan taslamalary milli Liderimize görkezdi.
Hususan-da,
munuň özi sazak, sözen, ojar, gara gandym, boýalyç, çomuç, gamak, üzärlik,
keýigokara, ýandak, siňren, selin, yşgyn, çeti, ýowşan, dagdan ýaly dürli
ösümliklerden ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, bu ösümlikleriň her biriniň öz
aýratynlyklary bolup, ähmiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Häzirki
wagtda Garagumda ösümlikleriň 293 görnüşi ösýär.
Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmeklerini üpjün etmek
maksady bilen, olaryň bu ýerlerde bolup, çöl ösümliklerini ylmy esasda
öwrenmekleriniň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Häzirki döwürde tebigy künjeklerde özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini yzygiderli dowam etmek gerek. Bu bolsa Garagum sährasynyň biosfera goraghanalarynyň halkara ulgama, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.