15-nji iýulda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji
gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň
agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini
ýene bir gezek subut etdi.
Döwlet Baştutanymyz
diňe bir iş wagtyny däl, eýsem, dynç alyş döwrüni hem hemişe mümkin boldugyça
netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Milli Liderimiz boş wagtyny, köplenç, ylym we
döredijiligiň dürli görnüşleri bilen, şol sanda täze eserleri ýazmak bilen
meşgullanmaga bagyşlaýar. Döwlet Baştutanymyz şu ýörelgesine eýerip,
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň nobatdaky jildini tamamlamagyň
üstünde işlemegini dowam etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan kitabyň 11-nji jildiniň üstünde
esasy işini tamamlap, oňa gutarnykly düzedişlerini, takyklamalaryny we
goşmaçalary girizmek bilen meşgullandy.
Ýeri gelende
aýtsak, mähriban Arkadagymyz agtygy Kerim bilen täze saz eseriniň üstünde
işleýändigini belläp geçmeli. Şu pursatda-da milli Liderimiz öz agtygy bilen
döredýän täze saz eserine diň saldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow arassa howada agtyjaklary bilen bilelikde gezim etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatyny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda yglan edip, maşgala hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine, gadymy gymmatlyklaryň goralmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şol gymmatlyklar ata-babalarymyzyň parasatly öwüt-ündewlerine hemişe ygrarly bolan halkymyzyň özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.