Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe
bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny
yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we
ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.
«Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde
ýaýbaňlandyrylan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde birža
söwdalary guraldy. Onuň dokma senagatyna degişli bölümine ABŞ-dan, Russiýadan,
Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan işewürler
gatnaşdylar. Olar umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 308 müň dollaryndan gowrak
bolan nah ýüplügiň, flanel we jinsi matalarynyň söwdasy boýunça 19 geleşik
baglaşdylar. Şeýle hem 96 müň 600 manatlyk bir geleşik amala aşyryldy.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň
senagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan dokma senagatynyň
öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi
ýokarlandyrmak, täze ýokary tehnologiýaly kärhanalary emele getirmek, çig mal
serişdelerini netijeli ulanmak arkaly dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply
önümleriň önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek wezipeleri
goýuldy.
Pudagyň
kärhanalary makroykdysady görkezijileriň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän ugurlar
boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýärler. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlary
boýunça gazanylan maglumatlar munuň subutnamasy bolup durýar. Şeýlelikde, geçen
ýedi aýda öndürilen önümleriň möçberleri 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende köp ugurlar boýunça ýokarlandy.
Hususan-da,
nah ýüplügiň önümçiligi 35,9 göterim, nah matalaryň önümçiligi tüýjümek
matalary hasaba alanyňda 75,6 göterim, ýüpek önümçiligi 91,8 göterim, tikin we
örme önümleri 47,9 göterim, haly önümçiligi 16 göterimden gowrak artdy.
Şeýle hem
bölek haryt dolanyşygynyň görkezijisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende 14,6 göterim ýokarlanandygyny bellemeli. Dokma önümleriniň
eksport möçberleriniň söwdasynyň ösüşi 38,8 göterime, ýüpegiňki 101,6 göterime,
haly we haly önümleriniň söwdalarynyň ösüşi 53,8 göterime deň boldy.
Ýurdumyzyň
dokma önümleri dünýä bazarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Şu ýylyň birinji
ýarymynda 114 million amerikan dollaryna deň bolan nah ýüplükleriň 39,3 müň
tonnasy daşary ýurtlara iberildi. Munuň özi geçen ýylyň görkezijisinden 24,3
göterim ýokarydyr. Şunlukda, nah matalaryň 60 million inedördül metre golaýy
ugradylyp, onuň umumy bahasy 61,8 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu
bolsa geçen ýylky görkezijiden 37,8 göterim ýokarydyr. Daşary ýurtlara
ugradylan egin-eşikleriň we beýleki taýýar dokma önümleriniň umumy bahasy 38,1
million amerikan dollaryna deň boldy. Bu bolsa 116,8 göterim ösüş
gazanylandygyny görkezýär.
Ýokarda
getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, pudagyň öňünde täze belentliklere çykmak
üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, ägirt
uly serişde mümkinçiliklerine eýe bolan dokma senagaty Türkmenistanyň
ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini
äşgär edýär.
Özüniň
tebigy-howa şertleri boýunça ýurdumyz orta we inçe süýümli gowaçany ösdürip
ýetişdirmek üçin amatly künjek bolup durýar. Täzeçil tehnologiýalara esaslanýan
önümçiligiň häzirki zaman şertlerine laýyk derejede guralmagy bilen, arassa
pagta süýümi iň gymmatly we bähbitli eksport harytlarynyň biri bolup durýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde pagta süýümini gaýtadan işlemek 3 göterimden 51
göterime çenli ýokarlandy.
Häzirki
döwürde döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, bu pudakda bar bolan
mümkinçilikleri doly derejede amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, anyk işler amala aşyrylýar. Dokma
toplumlarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň
geografik taýdan amatly ýerleşmegini we önümçilik kuwwatlyklarynyň çig mal
serişdeleriniň bar ýerlerinde gurulmagy ugurdaş önümleriň maksadalaýyk derejede
artdyrylmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
belleýşi ýaly, munuň özi kärhanalaryň düşewüntliligi hem-de harytlaryň ahyrky
bahasy bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki
döwürde dokma pudagynda 85 kärhana hereket edýär. Şolaryň 63-si önümçilik,
15-si bolsa bilelikdäki kärhanalardyr. Olarda ýokary hilli nah we garyşyk
ýüplükleriň, matalaryň, örme matalaryň, taýýar sütükli, tikin we jinsi
önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da, ýüpegi gaýtadan işleýän
we aýakgap kärhanalary, deriniň ilkinji işlenmegini üpjün edýän zawodlar bar.
Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda «Altyn Asyr» söwda merkezi we
ýöriteleşdirilen dükanlaryň 11-si hereket edýär. Umuman pudagyň kärhanalarynda
30 müňe golaý işgär zähmet çekýär.
Döwrebap
kärhanalaryň dünýäniň öňdebaryjylary bolan Ýaponiýanyň we Ýewropanyň meşhur
kompaniýalarynyň, hususan-da, Şweýsariýanyň «Rieter», «Benninger», Germaniýanyň
«Trützsсhler», «Sсhlafhorst», «Zinser», «Monforst», «Küsters» Italiýanyň
«Marzoli», «Mario Сrosta», «Reggiani», «Arioli», «Savio», Belgiýanyň «Piсanol»,
Ýaponiýanyň «Tsudakoma», «Juki», «Murateс» ýaly kompaniýalarynyň enjamlary
bilen üpjün edilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmegiň baş şertini emele getirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, öndürilýän önümleriň
halkara hil ülňüsine we ekologiýa howpsuzlygyna laýyk gelmegine aýratyn üns
berilmelidir. Şeýlelikde, kärhanalaryň önümleri «Önümçiligi dolandyrmak we hile
gözegçilik etmek ulgamy» ISO 9001, «Daş-töweregi goramak» boýunça ISO 14001,
«Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy» boýunça OHSAS 18001 ýaly
güwänamalara mynasyp boldular.
Daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we eksport ugurly
harytlaryň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine
ýetirilmegi toplumyň ähli düzüm bölümleriniň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti
bolup durýar. Şunlukda, täze önümçilikleri döretmek we olaryň bar bolanlaryny
döwrebaplaşdyrmak meselelerine üns berilýär.
Öňde durýan
wezipeleriň çözgüdine bolan işjeň çemeleşmeler ýokary hilli we elýeter bahaly
ýerli harytlaryň giň görnüşini öndürmegiň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän
önümleriň möçberlerini has-da azaltmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň
dizaýnerleri içerki bazaryň isleglerini öwrenmek arkaly ilatyň möwsümleýin
isleglerini nazara alyp, häzirki zaman görnüşdäki lybaslaryň we beýleki
harytlaryň täze önümçilik ulgamlaryny taýýarlaýarlar we işe girizýärler.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň eksport ulgamynda dokma kärhanalarynyň önümleriniň ägirt uly
goşandynyň bolmagy pudagyň giň mümkinçilikleriniň bardygynyň nobatdaky
subutnamasydyr. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlarda isleg bildirilýän dürli
görnüşli ýüplüklerden, matalardan we trikotaž önümlerinden däl, eýsem, taýýar
önümlerden we hojalyk dokma harytlaryndan ybaratdyr.
Ahal
welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda dokma toplumlarynyň düýbüniň
tutulmagyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan
gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmegiň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezmek
bolar. Şolaryň her biri ýylda ýüpek pagta süýüminiň 5 müň tonnasyny gaýtadan
işlemäge niýetlenendir.
Taslamalaryň
ikisinde hem gaýtadan işlemekden başlap, ahyrky önümi öndürmäge çenli ähli
tehnologik işler göz öňünde tutulýar. Olaryň düzümine egirme, dokma, boýag we
tikin bölümleri girýär. Bu kärhanalaryň işe girizilmegi bilen, iş orunlarynyň 2
müň 650-ä golaýy dörediler. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 5-nji
oktýabrynda gol çeken «Türkmenhaly» döwlet birleşigini Dokma senagaty
ministrliginiň garamagyna bermek hakyndaky Karary dokma senagatynyň işini
kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli amaly-haşam sungatyny ösdürmek
babatda uly goldaw bermegi, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzüminiň
toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde täze kärhanalar işleýär. Şolarda halyçylaryň netijeli zähmet
çekmegi hem-de döredijilik babatdaky pikirlerini durmuşa geçirmegi üçin ähli
zerur şertler döredildi.
Döwrebap
derejede çig malyň ýokary hilli gaýtadan işlenilmeginiň we saryja goýunlaryň
ýaz gyrkymyndan alnan ýüňden aýratyn berk ýüplügiň önümçiliginiň ýola goýulmagy
däp bolan nagyşly we döwrebap haly önümlerini taýýarlamagyň möçberlerini
artdyrmaga, şu pudagyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
«Argaç» ýüň
egriji kärhanasy şu ugurdaky ýöriteleşdirilen kärhana bolup durýar. Tehnologiýa
taýdan täzelenmeginiň netijesinde, häzirki wagtda bu kärhana arassa ýüňden
öndürilen ýüplügiň 500 kilograma çenlisini, şol sanda boýalan ýüplügiň 250
kilogramyny çykarmaga ukyplydyr.
Marynyň ýüňi
ilkinji işleýän kärhanasynda täze bölümiň açylmagy bilen, ýüň egriji fabrikler
üçin çykarylýan çig malyň umumy möçberiniň ondan bir bölegi pudagyň isleglerini
doly kanagatlandyrdy. Önümiň esasy bölegi içerki bazara gelip gowuşýar, beýleki
bir bölegi bolsa daşary ýurtly sarp edijilere ugradylýar.
Şeýle hem
Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde döwrebap
çeper halyçylyk kärhanalarynyň gurluşygyna başlanandygyny bellemek möhümdir.
Şolaryň ulanylmaga berilmegi bilen, täze iş orunlarynyň 500-si dörediler.
Ýüpekçilik
dokma senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda bu
pudagyň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Häzirki döwürde
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gadymdan
gelýän milli pudak gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzda öndürilýän piläniň
möçberlerini artdyrmak, ýöriteleşdirilen gaýtadan işleýän kärhanalary gymmatly
çig mal bilen doly üpjün etmek we olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän
çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýüpegi gaýtadan
işleýän esasy kärhanalaryň durky doly täzelendi hem-de öňdebaryjy enjamlar
bilen üpjün edildi. Aşgabatdaky ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik
birleşigi ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän hem-de dünýä bazarlarynda uly
isleg bildirilýän önümleri — ýüpek çig malyny, örän inçe ýüpek ýüplügi,
matalaryň dürli görnüşlerini çykarýar.
Häzirki wagtda
bu kärhanalaryň önümlerine ýurdumyzyň dokma pudagynyň dokma we tikinçilik
ulgamlaryndan başga-da, beýleki ençeme ugurda uly islegden peýdalanýar. Ýüplügiň
şu görnüşine hem-de onlarça reňkdäki sapaklara islegleriň ep-esli artmagy
hususy kärhanalarda elde dokalýan ýüpek halylarynyň, amaly-haşam sungatynyň
önümleriniň köp görnüşleriniň öndürilmegi bilen şertlendirilendir.
Aşgabat
şäheriniň Ruhabat dokma toplumlarynda netijeli «çig mal-taýýar önüm» tehnologik
ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny
has-da ýokarlandyrdy. Şol kärhanalarda tehnologik taýdan taýýarlanylyşy dürli
bolan eksport ugurly önümler öndürilýär.
Ýokary hilli
dokma önümleriniň çykarylmagy tikinçilik we trikotaž ulgamlarynyň
ösdürilmegine, içerki bazary özümizde öndürilýän döwrebap we ýokary hilli
önümler bilen doldurmaga kuwwatly itergi berdi. Şol önümler bolsa daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga ukyplydyr. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dokmaçylaryny şu wezipäni
çözmäge ugrukdyrýar.
Ýurdumyzyň
esasy tikin fabrikleriniň – Aşgabatdaky «Ahal» fabriginiň, Daşoguzdaky «Çeper»
fabriginiň, Marydaky «Ýeňiş» fabriginiň, şeýle hem Türkmenabatdaky tikin
fabriginiň durkunyň täzelenmegi taýýar lybaslaryň öndürilýän möçberini ep-esli
artdyrmaga, şol sanda dürli pudaklaýyn edaralaryň işgärleri üçin ýörite
egin-eşikleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.
Ýurdumyzda öň
öndürilmeýän önümleri çykarmaga gönükdirilen senagat kärhanalary pudagyň
eksport kuwwatyny artdyrmaga hyzmat edýär. Aşgabadyň dokma toplumynyň
binýadynda kuwwaty ýylda ýörite süýümiň 5 müň tonnasyna barabar bolan dokma
galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça bölüm hereket edýär.
Kärhananyň
önümçilik kuwwaty ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ählisinde emele gelýän
önümçilik galyndylarynyň umumy möçberleri bilen şertlendirilendir. Munuň özi
pudagyň çig mal çykdajylaryny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda ilkinji gezek ornaşdyrylan, galyndylary gaýtadan işleýän bu
önümçilik ulgamy dünýäniň köp ýurtlarynda, hususan-da, Türkiýede, Hytaýda we
beýleki döwletlerde uly isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmaga
ýardam etdi.
Dokma senagatynyň
ösüşiniň geljegi barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky
kärhanalaryň tehniki, ykdysady we maliýe hojalyk ýagdaýynyň seljermesi esasynda
2019 —2025-nji ýyllar üçin degişli meýilnamanyň işlenip taýýarlanylandygyny
bellemek gerek.
Bu resminama
dünýä ykdysadyýeti ulgamynda bolup geçýän esasy özgerişlikleri we ýörelgeleri,
şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» bellenilen wezipeleri nazara
almak arkaly taýýarlanyldy.
Pudagy mundan
beýläk-de ösdürmek, bäsdeşlige ukyply dokma hem-de haly önümleriniň
görnüşlerini we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, maýa goýum
taslamalaryny durmuşa geçirmek öňde duran işleriň esasy ugurlary hökmünde
kesgitlenildi. Könelişen kärhanalaryň tapgyrlaýyn düýpli
döwrebaplaşdyrylmagyna, ähli welaýatlarda ýokary tehnologiýaly täze toplumlary
hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge aýratyn üns berler. Munuň özi milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup
durýar.
Şunda
ministrligiň öz hususy serişdeleri Maksatnamany durmuşa geçirmek üçin
maliýeleşdirmegiň çeşmesi bolar. Bary-ýogy 7 ýylyň dowamynda kärhanalaryň
38-siniň durkuny täzelemek we olary döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär hem-de
hereket edýän 22 toplumyň binýadynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek
göz öňünde tutulýar. Umuman, pudakda goşmaça 3 müň 150-ä golaý iş ornunyň
döredilmegine garaşylýar.
Ýakyn geljekde
dokma önümleriniň görnüşleri welwet matasynyň, dokalmaýan matalaryň dürli
görnüşleriniň — spanbondyň, spanleýsiň, hollofaýberiň, tutynyň, şeýle hem
sinteponyň we kowroliniň çykarylyşyny ýola goýmagyň hasabyna giňeldiler. Şular
bilen bir hatarda emeli deriniň we galantereýa önümleriniň — nagyş örmeleriň,
syrmalaryň, süýünýän jähekçäniň, gaýyş guşaklaryň önümçilik tehnologiýasyny
kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýumşak çaga oýnawaçlaryny, çygly el
süpürgiçleri we beýlekileri öndürmek meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy
ýaly, bazar gatnaşyklaryny we ykdysadyýetiň hususy böleginde kiçi, orta hem-de
iri senagat kärhanalarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň kärhanalarynyň we
bilelikdäki kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň açylmagyny göz öňünde
tutýan hususy işewürligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýokarda agzalyp geçilen maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň
biridir.
Pudakda
eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli täze kärhanalary döretmek ilatyň iş bilen
üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna, döwlet býujetine salgyt tölegleriniň
geçirilişiniň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, munuň
özi raýatlaryň durmuş abadançylygynyň üpjün edilmeginde ähmiýetli şert bolar.
Şunuň bilen
birlikde, Dokma senagaty ministrliginiň ýakyn geljekde bellenen çäreleriniň
hatarynda onuň garamagynda duran fiziki we moral taýdan könelen, durkunyň
täzelenilmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýän düşewüntsiz, hereket
etmeýän kärhanalary, şeýle hem gurluşygy tamamlanmadyk desgalary hususylaşdyrmak
göz öňünde tutulýar.
Pudak boýunça
hususy eýeçilige geçirilmegi meýilnamalaşdyrylan jemi 29 kärhananyň 18-si eýýäm
hususylaşdyrylandyr, galanlary boýunça bolsa degişli işler alnyp barylýar.
«Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň hususylaşdyrylmagy meýilnamalaşdyrylan 19
kärhanasyndan bolsa häzire çenli 10-sy hususylaşdyryldy. Şeýle hem ýakyn
ýyllarda pudagyň ylmy-tehnologik we işgär kuwwatlylygyny işjeňleşdirmek üçin
ýöriteleşdirilen düzümleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda möhüm we geljegi
uly taslamalary kemala getirmek, önümçiligiň guralyşyny kämilleşdirmek üçin
düýpli ylmy barlaglary geçirmek esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Bellenen
çäreleriň toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň önümçiligi
çig mal bilen üpjün etmek, zähmet serişdelerini we enjamlary netijeli
peýdalanmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek we olaryň hilini
ýokarlandyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça öňde goýýan
wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilendir.
Tutuşlygyna alanyňda,
meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi häzirki zaman, ekologiýa taýdan arassa
tehnologiýalaryň esasynda önümçilikleriň döredilmegini, olary toplumlaýyn
dolandyrmagyň ulgamynyň kemala getirilmegini, şol sanda hyzmat ediş we
marketing gullugynyň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýar.
Içerki islegleri we dünýä bazarynyň talaplaryny nazara almak bilen, aýratyn geljegi uly ugurlarda pudagyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanylmagy, maliýe-ykdysady görkezijileriň ösdürilmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň dokma senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.