18-nji maý
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban
Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we
bütewiligini aňladýan şanly senelerdir.
Milli
senenamadaky belli sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Konstitusiýa
binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri boldy.
Dabara Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.