7-nji aprelda Türkmenistanda, asylly däbe görä,
Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli köp sanly
sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler
ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Olimpiýa şäherçesiniň stadionyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi
wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat
şäheriniň häkimi garşyladylar.
Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesinde bolmagynyň
çäklerinde, hökümet agzalary hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde şäherçäniň çägi boýunça welosiped
sürdi. Şonuň öňüsyrasynda bolsa döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan
sport welosipedi gowşuryldy.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan
dabaralar bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykandygyny
aýdyň görkezdi. Onuň baş maksady bolsa halkymyzyň we her bir raýatyň
abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.