milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy
20.06.2019 405 Habarlar

19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.