Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, “Älem”
medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk
çäresine gatnaşýan çagalaryň şatlygyny paýlaşdy.
12 gatly belent ýaşaýyş jaýynyň beýikligindäki uly Täze ýyl
daragty örän köp sanly ýaşajyk arçajyklardan ýygnalyp, şonuň bilen birlikde,
ýurdumyza demirgazykdaky Aýazbabadan özüniň günortadaky kärdeşi bolan biziň
Aýazbabamyza salam hökmünde tokaý ertekileriniň kalbyňy tolgundyryjy ýakymly
ysy geldi.
Töwerekde tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň hem-de ýetip
gelýän 2019-njy ýylyň nyşanlary bolan şekiller, milli Liderimiziň «Türkmenistan
—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynda beýan edilýän wakalar esasynda
taýýarlanan owadan görnüşler, halk ertekileriniň, multfilmleriň gahrymanlarynyň
keşpleri hem-de baýramçylyk nyşanlary bilen bezelen köpsanly täze ýyl
öwüşginleri ýaýylyp gidýär. Syýahat etmek bolsa bu ýerdäki gurlan geň-enaýy
şäherjigiň esasy derwezelerinden başlanýar. Şonuň aňyrsynda arçajyklardan emele
gelen bagly ýodajyklar peýda bolýar.
Şu günler bu ýerde adamlar, aýratyn-da, çagalar, şol sanda
ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalar köp. Okuwlarynda 4 — 5-lik
bahalar bilen okaýan okuwçylar, ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we
döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri hem-de çagalar öýlerinde
terbiýelenýänler Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmaga çakylyk
aldylar.
Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Milli lybasly iki çaga milli Liderimize gül
desselerini gowşuryp, ruhubelentlik bilen bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny
we söýgülerini labyzly beýan edýärler.
Ýaş nesil, olaryň sagdyn ösmegi we terbiýe almagy üçin hemme
şertleri döretmek baradaky alada döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň
ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ählimiz milli Liderimiziň çagalarda Watanymyzyň
geljegini, ýurdumyzyň ertirki gününi görüp, olara neneňsi atalyk mähri we uly
üns bilen garaýandygyny bilýäris.
Şadyýan çagalar hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baradaky
joşgunly goşgulary bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň dillerinden
döwlet Baştutanymyza gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar belent heňde we tüýs
ýürekden ýaňlanýar. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada
çagalaryň döredijilik toparlary we ýaşajyk aýdymçylar çykyş edýärler,
baýramçylyk mukamlary ýaňlanýar.
Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň
ählisini mähirli mübärekleýär hem-de çagalar bilen bilelikde Baş arça tarap
ugraýar. Aýazbaba hem-de Garpamyk ýaş türkmenistanlylaryň ählisiniň adyndan
döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmenistan — rowaçlygyň
Watany” diýen şygar astynda geçjek 2019-njy ýyl bilen gutlaýarlar hem-de
çagalar, olaryň abadançylygy we saglygy, ruhy taýdan galkynmagy, zehinleriniň
we ukyplarynyň ösdürilmegi, dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli bilim
almagy barada ýadawsyz aladalary üçin hoşallyk bildirýärler.
Soňra ýaş artistleriň — aýdymçylaryň, sazandalaryň we
tansçylaryň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlanýar. Olar öz çykyşlaryny täsirli we
egsilmez şatlyk duýgulary, durmuşa söýgi we ruhubelentlik güýjüni berýän ruhda
ýerine ýetirdiler. Sahna meýdançasynda öwüşgin saçan “ýyldyzjyklaryň” hatarynda
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk
mekdep-internatynda, paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde
terbiýelenýänler, milli hem-de halkara festiwallarynyň we beýlekileriň
ýeňijileri bolan meşhur tans toparlaryna gatnaşyjylar bar.
Olar bilelikde Täze ýyl baýramçylygyna gabatlap ýörite täze
çykyşlaryny taýýarladylar. Şol çykyşlaryň maksatnamasyna häzirki zaman türkmen
kompozitorlarynyň we şahyrlarynyň aýdymlary, nusgawy eserler we estrada
mukamlary, horeografiýa çykyşlary hem-de folklor-etnografiýa sahnalary
girizildi.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň çykyşlaryny kanagatlanma we
uly gyzyklanma bilen synlady. Milli Liderimiz öz mümkinçiliklerini amala
aşyrmak hem-de durmuşda üstünlik gazanmak üçin hemme mümkinçiliklere eýe bolan
zehinli ýaşlaryň ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş we bilim özgertmeleriniň
netijelidiginiň iň oňat görkezijisidigini ynamly aýdýar.
Soňra 2018-nji ýylyň nyşany — gelşikli Wepaly diýen alabaýyň
hem-de 2019-njy ýylyň tumary — şadyýan ýekegapanjygyň egin-eşigindäki çagalar
hemmeleri Baş arçanyň töwereginde gol tutuşyp aýlanmaga çagyrýarlar. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde el tutuşyp,
jebisligi we nesilleriň dowamatyny alamatlandyrýan däp bolan Täze ýyl
dabarasyna gatnaşdy.
Ýurdumyzda körpeleriň geljekde öz Watany üçin peýdaly bolup
biljek akylly we bilimli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen,
olaryň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin ajaýyp şertler döredildi. Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň nesillerimize şunuň
ýaly garaýşynyň netijesinde, ýaş türkmenistanlylar özleriniň döredijilik,
akyl-paýhas ukyplaryny işjeň ösdürýärler, sport bilen meşgullanýarlar. Çagalar
abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, daşary ýurtlarda-da ýurdumyza
mynasyp wekilçilik edýärler.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň eneligi we
çagalygy goramaga gönükdirilen Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýasyna hem-de
BMG-niň başga-da birnäçe möhüm resminamalaryna goşulyp, dünýä jemgyýetçiligine
öz üstüne alan ähli borçnamalaryna ygrarlydygyny yzygiderli görkezýär.
Ýurdumyzda bina edilen we gurulýan döwrebap, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen
enjamlaşdyrylan mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, sport we
bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary munuň subutnamasydyr. Tebigatyň ajaýyp Gökdere
jülgesinde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň
ähli welaýatlarynda ýerleşen çagalar sagaldyş merkezleri işjeň dynç almak üçin
ajaýyp şertlere eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleriň
söýgüli baýramçylygynyň şatlygyny we guwanjyny çagalar bilen paýlaşdy. Soňra
döwlet Baştutanymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy çagalarda
has-da uly şatlyk döretdi. Çagalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz ýaş
türkmenistanlylar bilen Täze ýyl baýramçylygyndan ýadygärlik hökmünde
ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyz çagalara Täze ýylda bagtyýarlyk, gyşky
dynç alyş günlerini şadyýan geçirmeklerini, okuwlarynda üstünlikleri,
ýüreklerinde beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, olaryň ählisiniň
iň oňat milli däplerimizi mynasyp dowam etdiriji, ata-babalarymyzyň paýhasly
nesihatlaryna eýerijiler hem-de Watanymyzyň hakyky eýeleri bolup ýetişip,
Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna
ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz joşgunly döredijilikleri üçin dabara
gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, “Älem”
medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Şol ýerde
Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň
agzalary garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
göreldesine eýerip, bu ýere öz çagalary we agtyklary bilen geldiler. Şeýle hem
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara daşary döwletleriň
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagalary bilen
gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň geljegi häzirki ýaşlara baglydyr, şoňa görä-de,
bagtyýar körpeler biziň aýratyn buýsanjymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz
aýdýar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň tamamlanmagynyň öň
ýanyndaky häzirki duşuşyk hem döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän nesillere
berýän aýratyn ünsüniň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz joşgunly garşylan çagalar bilen salamlaşyp,
olary ýetip gelýän Täze, 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýylyň
hemmeler üçin guwançly, bagtyýar we şatlykly bolmagyny arzuw etdi.
Siz — biziň geljegimiz diýip, hormatly Prezidentimiz
çagalara ýüzlenip sözüni dowam etdi. Biz size guwanýarys hem-de siziň oňat
bilim alyp, boş wagtyňyzy oňat geçirmegiňiz, sagdyn ösmegiňiz üçin hemme
şertleri döredýäris. Iň gowy ähli zatlary biz size, öz çagalarymyza
bagyşlaýarys.
Şoňa görä-de, men siziň Watanyňyza, halkyňyza,
mähribanlaryňyza we ýakynlaryňyza wepaly hakyky watançylar bolup
ýetişjekdigiňize ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Söwda-senagat edarasynyň uly zalyndaky çykyşlarda şadyýan
owazlar we aýdymlar ýaňlandy, döwlet Baştutanymyz çagalar bilen bilelikde
köpdürli owadan çyralar, oýnawaçlar we beýleki bezeg serişdeleridir garjagazlar
bilen bezelen arçanyň töweregindäki dabara gatnaşdy.
Çagalar öwşün atýan arçanyň töwereginde kanagatlanma bilen
çykyş edip, öz zehinlerini görkezdiler. Olar watançylyga hem-de öz ýurduna
bolan buýsanja ýugrulan şahyrana setirleri labyzly okap berdiler.
Daşary ýurtly diplomatlaryň çagalary hem dürli dillerde goşgular
bilen çykyş etdiler. Milli medeniýetleriň häsiýetli taraplaryny beýan eden ýaş
artistleriň aýdym-sazly we tansly çykyşlarynda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi» şygarynyň many-mazmuny şöhlelendi.
Täze ýylda ýakymly täsinlikleri sowgat edýän Aýazbaba bilen
Garpamyk oýunly, degişmeli we tapmaçaly özboluşly döredijilik bäsleşiginde
çagalary zehinlerini we başarnyklaryny paýlaşmaga çagyrdy. Şonda çagalar aýdym
aýtdylar, goşgy okadylar we tans etdiler. Iň oňat çagalar aýdym-saz toparlary
tomaşaçylara öz sungatlaryny görkezdiler.
Sirk artistleri baýramçylyga ýygnananlary şadyýan sahnalary
we çalasyn emelleri bilen haýran galdyrdylar. Çagalaryň şadyýan ýüzleri
bagtyýar gülkülerden nurlanýar, bu nuranalyk bolsa Täze ýyl arçasyndaky
älemgoşar öwüşginlerinden hem ýiti şugla saçýar. Sebäbi ol ýürekden gaýdýar.
Aýdym-saz, tans çykyşlary baýramçylyk konsertiniň öwüşginli
çemenini emele getirdi. Joşgunly mukamlar belent ýaňlandy, halk äheňleri
yzygiderli ýerine ýetirildi, nusgawy eserleriň täzeden işlenen döwrebap
görnüşleri ýaňlandy, tans sazynyň joşgunly ýaňlanýan depginleri hemmeleriň
agzybirlik bilen sazyň äheňine görä el çarpmagyna getirdi. Täze ýyl lybaslary
bolsa baýramçylyk öwüşginine festiwalyň ajaýyp äheňlerini goşdy.
Ýaş tansçylar we aýdymçylar tomaşaçylary mylaýymlygy we
zehini bilen maýyl etdi, soňlanmajak gülki we mähirli duýgulary sowgat etdi,
baýramçylyk ruhuny artdyrdy. Hemmeleri täsinlige bolan ynam birleşdirdi. Şol
täsinligi biz arzuw etmek döwri bolan Täze ýyl gijesiniň ýakynlaşyp gelmegi
bilen baglanyşdyrýarys.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň ählisini ajaýyp
baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlap hem-de hemmelere ýüreklerinde beslän
nurana arzuwlarynyň Täze, 2019-njy ýylda hasyl bolmagyny arzuw edip: “Goý,
hemişe siziň ajaýyp aýdymlaryňyz ýaňlanyp, bizi begendirip dursun, goý, olar
biziň durmuşymyzy bezesin! Bagtyýar ýaşaň, şatlanyň, oňat okaň hem-de özüňiziň
edep-ekramyňyz bilen bizi guwandyryň!” diýdi. Soňra hormatly Prezidentimiz
çagalar bilen mähirli hoşlaşdy we Söwda-senagat edarasynyň binasyndan çykyp, bu
ýerden ugrady.
Baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolup, esasy wakanyň
ýakynlaşmagyna tarap alyp barýar. Şol wakalar Täze ýyl gijesinde tutuş
ýurdumyzy gurşap alyp, her bir öýe we her maşgala girip, hemmeleri bu nurana we
şadyýan dabaralara çekmek bilen, bagtyýar gülküleri, ýakymly sowgatlary we
ajaýyp ruhy galkynyşy bolluk bilen bagyş eder.
Garaşsyz, Bitarap döwletimiz 2019-njy ýyly “Türkmenistan —
rowaçlygyň Watany” diýen şygar bilen garşylaýar. Şol şygarda öz milli Lideri —
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen jebis bolan halkymyzyň
iň oňat arzuwlary jemlenýär. Diýmek, biziň durmuşymyzyň her bir täze güni ýagşy
umytlaryň nuranalygyna, ajaýyp üstünlikleriň şatlygyna beslener, beýik
işlerimiz bolsa Watanymyzyň şöhratyny artdyrar, onuň halkara abraýyny
pugtalandyrar.