14-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow atçylyk toplumynda bolup, Şapolat atly bedewi bilen didarlaşdy
Hormatly Prezidentimiz ajaýyp bedewi bilen
birsellem gezim etdi we bedewi eýerläp, çapuw ýodasyna çykdy. Milli Liderimiz
bu ýerde bedewi öz erkine goýberdi we ony gorgunyna çapdy.
Döwlet Baştutanymyz atly gezelenji tamamlap, bu
ýerden ugrady.
***
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Olimpiýa
şäherçesiniň sport toplumyna geldi. Bu ýerde milli Liderimiz ýurdumyzyň harby
we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maşklary ýerine ýetirdi.
Milli Liderimiz sport toplumynyň trenažýor zalynda
birnäçe sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bolan
söhbetdeşlikde sport enjamlarynyň her birini öz ähmiýetine görä peýdalanmagyň
hem-de dürs ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Olimpiýa şäherçesinde oturdylan dünýäniň
öňdebaryjy önüm öndürijileriniň sport enjamlary niýetlenen ähmiýetine doly
gabat gelýär hem-de adamyň saglygyny berkidýär we bedenterbiýe bilen
meşgullanýanlaryň işjeňligini ýokarlandyrýar, ýokary netijeli sport bilen
meşgullanýanlar üçin bolsa ýurdumyzyň halkara derejede sport abraýyny belende
götermekleri üçin ähli şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz sport maşklaryny tamamlap,
bu ýerden ugrady.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bolsa maşklary dowam etdiler, toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşikleri guradylar.