28-nji
sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk
dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda şowhunly
çäreleriň biri bolan ahalteke bedewleriniň çapyşyklary geçirildi.
Şu baýramçylyk
günlerinde Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşen atçylyk sport
toplumyna, asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
hem gatnaşdy.
Baýramçylyk at
çapyşyklary dürli aralyklar boýunça 7 çapyşygyň her birinde 12 bedew öz ýyndamlygyny
we çalasynlygyny görkezdiler. Tomaşa etmäge gelen adamlar, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekilleri dartgynly dowam eden özüneçekiji at çapyşyklara
uly guwanç bilen syn etdiler.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolup, olara 15 müň amerikan dollary, baş baýraga 30 müň amerikan dollary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.