milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde dowam edýän gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde dowam edýän gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy
04.04.2019 1008 Habarlar

3-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyk meýdançalarynda birnäçe desgalarda, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşyp, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça guşuçar belentlikden ak mermerli Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.