11-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy.
Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,
şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk
işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça
işlenip taýýarlanylan taslamalar hem-de häzirki döwürde gurluşygy dowam edýän
desgalar barada hasabat berdi we bu ugra degişli taslamalary, çyzgylary
görkezdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp
hem-de görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy
we degişli düzedişleri girizdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheri
boýunça iş saparyny dikuçarda dowam etdi. Milli Liderimiziň dikuçary şäheriň
gündogar künjegine ugur aldy.
Soňra milli Liderimiz dikuçarda
paýtagtymyzyň demirgazygynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar üçin
bolşy ýaly, uly adamlar üçin hem zerur bolan dynç alyş şertleriniň
döredilmelidiginiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz
boýunça iş saparyny tamamlap, wise-premýere şäherde gurulýan ähli desgalaryň
bellenilen möhletlerde tamamlanylmagyny we gurluşykda häzirki zamanyň
tejribeleriniň ulanylmagyny, binalaryň ösen halkara ülňülerine laýyk derejede
enjamlaşdyrylmagyny tabşyrdy. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli
gurluşyk ähli taraplaýyn häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.