27-nji aprelda
Ahalteke atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli öwüşginli
dabaralar geçirildi. Bu ýerde, asylly däbe görä, aprel aýynyň soňky
ýekşenbesinde bellenilýän şanly senä bagyşlanan esasy wakalaryň öň ýanynda
halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, ahalteke bedewleriniň halkara
gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini hem-de atlary çeper beýan etmek boýunça
döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk
çärelerinde ahalteke bedewleriniň aýratynlygynyň dürli taraplary, türkmen
halkynyň durmuşynda, Watanymyzyň taryhynda hem-de milli medeniýetimizde, ruhy
dünýäsinde eýeleýän aýratyn orny hem-de tutuş siwilizasiýa üçin ägirt uly ähmiýeti
öz beýanyny tapdy.
Dabarada harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp bedew we onuň pasporty gowşuryldy.