10-njy aprelda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş
merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez
Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler.
Milli
Liderimiz täze desganyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atmak bilen, bu
çägiň toplumlaýyn esasda özleşdirilmegine we täze şäheriň gurluşygyna badalga
berdi. Bu ýerde amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, edara ediş binalarynyň we beýleki
desgalaryň toplumy emele geler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dolandyryş merkeziniň ilatynyň okamak, dynç almak, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda, dynç alyş, sagaldyş ýaly döwrebap hyzmatlardan peýdalanmagy we işe ýerleşmegi üçin şäher giňişliginde ähli mümkinçilikleriň, döwrebap şäher gurşawynyň döredilmegi wajypdyr. Bu ýerde emele gelýän iş orunlary şäheriň ykdysady taýdan durnuklylygyny, sazlaşykly ösüşini üpjün eder we onuň ýurdumyzyň ykdysady düzümine goşulmagyna mümkinçilik berer.