milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
09.10.2024 20 Habarlar

Düýn – 8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş edip: «Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr» diýip belledi. 

Soňra sammit GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Mejlisiň barşynda Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri seljerildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler anyklaşdyryldy. Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar däp bolan netijeli dialoga ygrarlydyklaryny, deňhukuklylyk, uzak möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Sammit jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy.