milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz galla oragyna ak pata berdi
Hormatly Prezidentimiz galla oragyna ak pata berdi
31.05.2020 777 Habarlar

29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaýa ideg etmek bilen bir hatarda, başlajak galla oragyny guramaçylykly geçirmäge, şol sanda elewatorlary, dänäni kabul edýän bölümleri, kombaýnlary we ammarlary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek hem-de ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň möhletini belläp bermek haýyşy bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenip, oňa laýyklykda, şu ýylyň güýz möwsüminde ýeralmany, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin jemi 21 müň gektary bölüp bermek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Gallaçylaryň öňünde duran indiki wezipe köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa, 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi.