23.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
29.03.2024 174 Habarlar

Düýn –  28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek gepleşikleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Şol gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.

Eýran ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi. Toparyň işiniň netijesinde, Türkmenistanda elektroenergetika, ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler ylalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şunda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri arzuw edip, doganlyk döwletleriň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.