27-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny
amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.
Baş metjit
hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda açyldy.
Şol gün
Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde milli Liderimize Mekgeden ýadygärlik sowgady
hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtük we keramatly teperrik
goýuldy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsi we Daşoguz welaýatynyň baş metjidiniň ymamy
bilen bilelikde metjidi synlap, onuň binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu
ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli
Liderimiz metjitden çykyp, sadaka bermek üçin niýetlenen bina bardy. Bu ýerde
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň jöwher paýhasyndan
kemal bolan, Türkmenistana, onuň gadymy we şu günki taryhyna, baý medeni
mirasyna, mähriban topragymyzyň tebigatyna bagyşlanan ajaýyp eserlerinden düşen
galamhakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykandan soň, nahar
çekildi. Tagam dadylyp, aýat-töwir edildi.
Şol gün
metjitde hormatly ýaşulularyň hem-de ilatyň gatnaşmagynda juma namazy okaldy.
Doga-dilegler
edilenden soň, oňa gatnaşanlar metjitde goýlan mukaddesliklere tagzym etdiler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşoguz welaýatynyň baş metjidine awtoulag sowgat berildi. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dessuryna görä, bu awtoulagyň üstüne un sepildi hem-de üzärlik tütedildi, ýagşy dessurlara eýerilip, alaja dakyldy.