milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň ygtybarly nebit-gaz kompaniýalary bilen işleriň gerimini giňeltmegi tabşyrdy
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň ygtybarly nebit-gaz kompaniýalary bilen işleriň gerimini giňeltmegi tabşyrdy
27.03.2020 692 Habarlar

26-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu baýlygyň netijeli ulanylmagynyň milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigini, nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlaryny artdyrmak üçin şertleri üpjün etjekdigini belledi.

Bularyň hemmesi maýa goýmak hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ygtybarly kompaniýalary – «Petronas», «Dragon oil», Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy, «Kawasaki», «Sojitz», «TOYO», «Mitsubishi», «ITOCHU», «LG», «Hyundai», «Eni», «Mitro International», «Petrofac», «Tatneft», «Rönesans Holding» we beýlekiler bilen işleriň gerimini giňeltmek barada wise-premýer M.Meredowa degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň düzümine girýän ýokary hem-de orta hünärment okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw merkeziniň ylmy binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.