milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
19.05.2025 135 Habarlar

Düýn – 18-nji maýda Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň synmaz jebisligini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy.

Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri Esasy Kanunymyzyň özenini düzýär. Asuda asmany bezeýän Watanymyzyň ýaşyl tugy türkmen halkynyň döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuwynyň hasyl bolmagydyr. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de dabaralar geçirildi.