Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen
meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar, atly gezelenç etmegi
halaýar. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän zähmet rugsadynyň bir gününde atçylyk
toplumynda öz eý görýän bedewi Şapolat bilen didarlaşdy.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Şapolat bedewinde atçylyk toplumyň
çäkleri boýunça gezim etdi. Ahalteke bedewleri ýaly ynsan bilen dil tapyşýan
jandar ýokdur. Olar buýsançly häsiýeti bilen, şol bir wagtda hem özlerine tüýs
ýürekden we söýgi bilen garalanda, eýesiniň buýruklaryny berjaý edýärler hem-de
terbiýeleme ýeňil düşýär. Şol sebäpli hem ahalteke bedewleri atçylyk sportunda
meşhurlyk gazanýarlar, olar kinofilmlerde surata düşürilýär we sirkde çykyş
edýärler.
Türkmen
halky ahalteke bedewlerine bagyşlanan köp sanly nakyllary we pähimleri aýawly
saklap, biziň günlerimize çenli ýetirdi, bedewler ähli döwürlerde we ähli
zamanlarda ata-babalarymyzyň beýik işlerinde wepaly kömekçiler bolupdyrlar we
häzirki wagtda milli buýsanjymyza hem-de adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak
baýlygyna öwrüldi.