Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede ýurdumyzda geçirilen hem-de ägirt uly üstünlige beslenen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan türkmen türgenlerine – baýrakly orunlara mynasyp bolan hem-de ýaryşa gatnaşan türgenlerimize baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy.
Şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan geçen bu ägirt uly awtomobil ýaryşy dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan sportuň özüneçekiji görnüşleriniň biriniň ussatlaryny hem-de höwesjeňlerini birleşdirdi. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 15 ekipaž wekilçilik etdi, şolar dürli ugurlarda çykyş etdiler. Hünärmenleriň baha bermegine görä, biziň awtomobil sürüjilerimiz gowy netijeleri görkezip, daşary ýurtly türgenler bilen mynasyp bäsleşmegi başardylar. Türkmenistanyň toparlarynyň ikisi bolsa özleriniň gatnaşan ugurlarynda üçünji orny eýeläp, ýurdumyzyň sport üstünliklerine saldamly goşant goşdular.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, sport sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini kemala getirmekde we şunuň bilen birlikde, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmakda, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm şert bolup durýar. Sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bu ugurda netijeli çäreleri görýär hem-de anyk başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzyň sporty hil taýdan täze derejä çykýar, mähriban Diýarymyz bolsa abraýly sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýär.
Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaňy-ýakynda geçirilen hem-de gerimi we ähmiýeti boýunça Aziýada iň iri ýaryşa öwrülen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem bar. Ýaryşlara gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňa giň gyzyklanma bildirilmegi bäsleşikleriň uly üstünlige eýe bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Elbetde, bu babatda aýdyň mysal hökmünde geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly taryhy ähmiýetli wakany görkezmek bolar. Bu ýaryşlar Olimpiýa şäherçesiniň sport meýdançalarynda geçirildi. Ýakyn günlerde bolsa türkmen paýtagty agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder.
Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize ajaýyp görelde görkezip, hemmeleri, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýe-sport hereketi görlüp-eşidilmedik derejede kuwwatly ösüşe eýe boldy.
Ýurdumyzda sport-sagaldyş ulgamyny höweslendirmek we ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy, paýtagtymyzda hem-de sebitlerde ýokary derejeli türgenleri, tälimçileri we beýleki ýörite hünärmenleri taýýarlamak, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek hem-de ulanmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin degişli şertleriň bolmagy mekdep ýaşyna çenli edaralaryň we beýleki bilim edaralarynyň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary düzülende hem-de gurlanda bildirilýän hökmany talapdyr.
Hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde, biziň ýurdumyzda sportuň muşdaklarynyň sany barha artýar. Türkmenistanlylar, aýratyn hem ýaş nesil sportuň dürli görnüşlerini işjeň özleşdirýär. Döwrebap sport toplumlary hem-de sport mekdepleri olaryň ygtyýaryndadyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köp sanly sport merkezleri hereket edýär. Her ýyl raýatlarymyzyň onlarça müňüsi — dürli ýaşdaky adamlar hem-de dürli hünärleriň wekilleri milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin sport çärelerine ruhubelentlik bilen gatnaşýar.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky öňdengörüjilikli oňyn syýasaty sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň tutuş dünýäde abraýynyň barha belende galmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen birlikde, türkmen halkynyň baý mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlygy yzygiderli artýar. Olar iri halkara ýaryşlarda hem-de bäsleşiklerde, şol sanda Aziýanyň we dünýäniň çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanýarlar.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Bu ýerde, “Sport” myhmanhanasynyň merkezi girelgesiniň öňünde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.
Myhmanhananyň eýwanynda milli Liderimiz türkmen sportunyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi bilen tanyşdy. Bu ýerde awtomobilleriň we motosiklleriň sürüjileriniň esbaplarynyň, ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynda taýýarlanylan sport lybaslarynyň nusgalary, türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanan kuboklary we sylaglary hem-de “Amul — Hazar 2018” awtorallisine bagyşlanan suratlar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň mejlisler zalyna barýar, şol ýerde dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Olaryň hatarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri hem-de türkmen türgenleri, meşhur tälimçiler, sport ulgamynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, milli ýygyndy toparymyzy «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynda gowy netije gazanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu ajaýyp netije biziň uly üstünligimizdir. Şeýle abraýly we ýokary derejeli ýaryşy birinji gezek geçirýändigimize garamazdan, biziň türgenlerimiz awtoralli ýaryşynyň iň ýokary sylaglaryna mynasyp bolan üç toparyň hataryna girmegi başardy. Şoňa görä-de, indiki awtoralli ýaryşlary haýsy ýurtda geçirilse-de, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň Türkmenistanyň Baýdagy astynda şol ýaryşlara gatnaşmaga doly hukuk gazanandygyny ynam bilen aýdyp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz halkara awtoralli ýaryşynda merdana halkymyzyň iň ajaýyp häsiýetlerini görkezen ussat türgenlerimizi bu ýeňiş bilen ýene-de bir gezek gutlap, biz häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzda alnyp barylýan ägirt uly durmuş-ykdysady we syýasy özgertmelere işjeň gatnaşyjylar bolup durýarys diýip belledi. Täze-täze şäherler we obalar, iri zawod-fabrikler gözümiziň alnynda gurulýar. Demir we awtomobil ýollary çekilýär, ykdysadyýetimiz ösüp, jemgyýetimiz özgerýär.
«Döwlet adam üçindir!» diýen şygary yglan edip, biz ony gyşarnyksyz durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Çözýän ähli durmuş meselelerimiziň arasynda adamyň beden hem-de ruhy taýdan saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz saglygyň hemişe türkmen halkynyň esasy ugur alýan gymmatlygyna öwrülendigini nygtady. Sport we gyzyklanma döredýän beýleki oýunlar merdana halkymyzyň köp müňýyllyk taryhynyň dowamynda ösüp gelýän nesilleri beden taýdan berkitmegiň hem-de ruhy taýdan kämilleşdirmegiň milli mekdebiniň binýady boldy.
Biziň milli sportumyzyň we oýunlarymyzyň köpüsi örän gadymy döwürlerde döräpdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu oýunlar ösüp gelýän nesillere güýç-kuwwat beripdir, olarda başarjaňlyk, çydamlylyk, eserdeňlik, çalasynlyk ýaly durmuşda zerur bolan köp sanly häsiýetleri terbiýelemäge ýardam edipdir. Umuman, şol oýunlar berk bedenli we maksada okgunly adamlary hemmetaraplaýyn terbiýeläpdir. Şoňa görä-de, olar diňe bir gurak we yssy howanyň gazaply şertleri bilen bagly kynçylyklary ýeňillik bilen ýeňip geçmän, eýsem, kuwwatly döwletleri döretmek bilen hem taryhda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Adamzat taryhynda ägirt uly ulag ugrunyň — Beýik Ýüpek ýolunyň kömegi bilen ýurtlary we halklary birleşdiripdirler. Ylmy ösdürip, ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler.
Şeýlelikde, türkmenleriň öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan sport oýunlary merdana halkymyzyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara üstünlikli gatnaşmagy, Garaşsyz döwletimizde dünýäniň köp ýurtlarynyň türgenleriniň gatnaşmagynda iri ýaryşlaryň geçirilmegi biziň gadymy sport däplerimizi aýawly gorap saklaýan häzirki nesillerimiziň merdana we zehinli ata-babalarymyzyň mynasyp mirasdüşerleri bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Munuň özi berkarar Watanymyzyň umumydünýä sport ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça örän üstünlikli geçirilen V Aziýa oýunlary, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça guralyp, düýn-öňňin tamamlanan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi aýdyň mysaldyr.
Bu wakalar diňe bir Garaşsyz Watanymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem ägirt uly jemgyýetçilik gyzyklanmasyny we seslenmesini döretdi. Sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraýyny pugtalandyrdy. Berkarar döwletimizde sporty has-da ösdürmäge, sporta ýaşlary giňden çekmäge täze itergi berdi. Muňa durmuş, sport we ekologiýa ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlaryny artdyrmaga, durmuşyň ähli ugurlarynda sagdyn ýaşaýşy üpjün etmäge mümkinçilik berýän ykdysady şertlerimiz hem ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz türgenlere ýüzlenip, ýurdumyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda biz bu garaýyşlarymyzy raýatlygyň we watançylygyň belent derejesine galdyrdyk diýip belledi. Türkmen türgenleriniň gazanýan ýokary netijeleri we ýeňişleri halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär, ýokary üstünliklerimizi hem-de gazanan netijelerimizi beýan edýär, saýlap alan ösüş ýolumyzyň dogrudygyny, döwlet syýasatymyzyň netijelidigini görkezýär.
Türkmen sportunyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin, ýokary derejeli türgenleri, şeýle hem tälimçileri we bu ugurdan beýleki hünärmenleri taýýarlamagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bedenterbiýe-sport işiniň guramaçylyk-dolandyryş, işgärler, ylmy-usulyýet, lukmançylyk-biologiýa hem-de dopinge garşy üpjünçiligini ösdürmek zerurdyr. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz bedenterbiýäniň we sportuň adam maýasyny ösdürmäge, raýatlaryň saglygyny gorap saklamaga hem-de berkitmäge, ösüp gelýän nesilleri terbiýelemäge goşant goşmagyny gazanmagyň geçirýän bu özgertmelerimiziň ahyrky maksady bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Sebäbi halkyň hal-ýagdaýy ýurduň ykdysady ösüşine gönüden-göni baglydyr. Bu ösüşi bolsa diňe işjeň durmuş garaýyşly, ýokary ukyby we mümkinçiligi bolan, ruhubelent hem-de sagdyn adamlar üpjün edip biler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Häzirki döwürde sport ulgamy Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň hem ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biz bu ulgam boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürýäris. Türkmenistanyň sport diplomatiýasy geosyýasatyň, parahatçylygy gorap saklamagyň we bitaraplygyň, dünýäniň köp ýurtlary bilen biziň alyp barýan gatnaşyklarymyzyň ýene-de bir täsirli guralydyr.
Ýurdumyzda üstünlikli geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Biz, nesip bolsa, agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem üstünlikli geçireris.
Dünýäde iň güýçli adam diýen ady almak ugrunda göreşmek üçin tutuş Ýer ýüzünden belli türgenler gözel paýtagtymyz Aşgabada gelerler. Ýurdumyzda geçiriljek bu bäsleşik berkarar Watanymyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde, şeýle hem öňe süren möhüm başlangyçlarymyzy, gazanan üstünliklerimizi we ýeten sepgitlerimizi dünýä ýaýmakda nobatdaky uly ädim bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Sport ägirt köp türgenleri we janköýerleri, hökümet, telekeçilik hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini birleşdirip, adamzadyň ünsüni möhüm ählumumy meselelere çekmegiň hem özboluşly serişdesi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini geçirmegiň düýp maksady biziň ekologiýa howpsuzlygyny öňe sürmek bilen tebigata aýawly hem-de rejeli garaýyşlarymyzy amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Şeýlelikde, sport ýaryşlary diňe bir ýaşlaryň beden, ruhy we ahlak taýdan ösüşine ýardam bermäge däl-de, eýsem, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga hem hemaýat edýär, döwletleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary, halklaryň dostlukly hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna şert döredýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmen türgenleri öz ussatlygyny görkezip, sportda ýokary netijeleri gazanmak we iň gowularyň hataryna goşulmak bilen birlikde, diňe bir ösüp gelýän nesillere görelde bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä giňişliginde hem ata Watanymyza wekilçilik edýärler. Gazanan ýeňişleri bilen milli buýsanjymyzy artdyrýarlar. Eziz Diýarymyza şan-şöhrat getirip, onuň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Amul — Hazar 2018» awtoralli ýaryşynyň netijelerine kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň toparynyň indiki ýylyň 5 — 12-nji maýy aralygynda geçiriljek awtoralli ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny nygtady. Bu ýaryşyň ýollary biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçer. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ähli türgenlerimize indiki ýyl geçiriljek awtoralli ýaryşyna gowy taýýarlanmagy hem-de täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz abraýly halkara ýaryşlarda aýratyn tapawutlanyp, uly ýeňiş gazanan türgenlerimizi sylaglamak baradaky Permana hem-de Karara gol çekdi we «Amul — Hazar 2018» awtoralli ýaryşynyň kubogyny hem-de käbir nyşanlaryny sport muzeýine gowşurmak kararyna gelendigini aýtdy.
Garaşsyz döwletimiz ýurdumyzyň abraýyny pugtalandyrmaga siziň goşýan goşandyňyza hemişe ýokary baha berer. Köpçülikleýin sporty hem, ýokary netijeli sporty hem mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleri döreder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany we Karary okalýar.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlara hem-de ýaryşa gatnaşyjylara sylaglary gowşurýar.
Ralliniň netijeleri boýunça üçünji hormat basgançagyna galmagy başaran türkmen toparlarynyň ikisiniň agzalary “Mercedes-Benz E200 Coupe” (sürüji Hojaguly Annamämmedow), “Toyota Avalon” (ýolbeledi Gaýgysyz Akmyradow) hem-de “Toyota Camry” (sürüji Guwançmyrat Hommadow) we “Toyota Camry” (ýolbeledi Rejepnyýaz Annaberdiýew) kysymly awtoulaglar bilen sylaglanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna işjeň gatnaşan işgärleriň we türgenleriň birtopary ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.
Sylaglara mynasyp bolanlar hormatly Prezidentimize türkmen türgenleriniň gazanan üstünliklerine beren ýokary bahasy, ýurdumyzda sport bilen, şol sanda awtomobil sporty bilen meşgullanmak, sport endiklerini hem-de ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda oňaýly şertleri döretmek barada edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň sportunyň hil taýdan täze sepgitlere ýetendigini bellediler.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan hormatly sylaglary almagyň özleri üçin uly hormat-sarpadygyny aýdyp, ýurdumyzyň türgenleriniň eziz Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmagyň bähbidine güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna hem-de halkara giňişliginde türkmen sportuna mynasyp wekilçilik etmek üçin mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Milli Liderimiz tapawutlanan türgenleri ýene-de bir gezek gutlap, olara üstünlik we ýeňiş gazanmagy arzuw etdi hem-de ýurdumyzda sportuň awtomobil we beýleki görnüşlerini ösdürmäge, bedenterbiýe-sport hereketini giňeltmäge uly üns beriljekdigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Içeri işler ministrliginiň Sport ulagy merkezine özüniň 100 belgili sport awtomobili bermek baradaky karara gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şol awtomobilde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň başlangyç tapgyryna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem türkmen sporty muzeýine şu ralli-marafonyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser tarapyndan “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň üstünlikli geçirilendigi we ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin gowşurylan “Africa Eco Race”-niň ýörite sylagyny we bu ýaryşlaryň birinji tapgyrynda çykyş eden sport lybaslaryny gowşurdy.
Dabaraly çäre tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk hem-de sport ulgamynda täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.
***
Şol gün türkmen türgenleriniň “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisinde üstünlikli çykyşyna bagyşlanan dabara Milli sport we syýahatçylyk institutynda dowam etdi. Türgenlerimiziň bu üstünligi hormatly Prezidentimiziň sylaglary bilen bellenildi. Bu ýerde şol ýaryşlary guramaga işjeň gatnaşan hem-de olary giňden wagyz etmäge we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge saldamly goşant goşan meýletinçilere, mugallymlara hem-de talyplara, dürli ugurly hünärmenlere we döredijilik işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çykyş edenler milli we dünýä awtomobil sportuny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ralliniň möhüm ähmiýetini nygtap, bu giň möçberli ýaryşlaryň hakyky sport baýramçylygyna öwrülendigini hem-de dünýäniň dürli döwletlerinden adamlary birleşdirendigini bellediler. Bu ýaryşlar ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka öwrülip, tutuş dünýä Türkmenistanyň sport ulgamyndaky ägirt uly kuwwatyny hem-de bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny görkezdi.
Bu ralliniň ekologiýa ugurly bolmagy onuň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça awtomobil ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň ekologiýa taýdan arassa ýangyç bilen üpjün edilendigini bellemelidiris.
Bu özboluşly taslamanyň ynsanperwerlik babatda uly wezipäni ýerine ýetirendigini hem aýtmalydyrys. Çünki bu ýaryşlar daşary ýurtly myhmanlarymyza özleri üçin Türkmenistany açmak, onuň täsin taryhy-medeni mirasy, häzirki zaman gazananlary hem-de bu gün amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döretdi.
Şu gün “Amul — Hazar 2018” awtorallisine gatnaşyjylary sarpalamak mynasybetli dabaraly çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda hem geçirildi. Şol ýerde Içeri işler ministrliginiň tehniki işgärleriniň we sürüjileriniň, şeýle hem beýleki işgärleriniň bu halkara ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegine goşan goşandy bellenildi we hormatly Prezidentimiziň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça eko-ralli reýdi geçirmek baradaky başlangyjy, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, sport döwleti hökmünde halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine täze üstünlikler gazanmak üçin ähli tagallalaryny hem-de ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.