Düýn - 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, baý tejribä eýe bolan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkiýe Respublikasy bilen energetika babatda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň mysalydyr.
Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, maýa goýumlar pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.