milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
24.03.2025 177 Habarlar

Şenbe güni – 22-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Ýaş nesliň wekili belent ruha beslenen goşgy setirleri bilen döwlet Baştutanymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de halkymyzyň milli däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.