Hazar sebitinde telekeçiligi kämilleşdirmek we
hyzmatdaşlygy täze derejelere ýetirmek babatynda Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan,
Russiýa we Türkmenistanyň telekeçileri Birinji Hazar ykdysady forumynyň meýilnamasyna
laýyklykda duşuşyklary geçirdiler. Meýilnama laýyklykda ikitaraplaýyn
duşuşyklar hem göz öňüne tutulan. Olardan türkmen-bolgar tegelek stoly we türkmen-astrahan
telekeçilik duşuşyklaryny agzamak bolar.
Telekeçiler Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklaryna
we senagatyň ösüşine bagyşlanan forumyň sessiýalaryna has uly gyzyklanma
bildirdiler. Forumyň çäklerinde guralan Hazarýaka ýurtlarynyň işewürler
toparlarynyň duşuşyklarynda sebitiň ýurtlarynyň telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny
berkitmäge ýardam berjek resminamalara gol çekildi.
«Milli goşun».