25-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňziniň
biologiýa serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek
babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp
maslahatlaşmak boýunça 4-nji mejlisi öz işine başlady.
Iki günlük duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler
ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi hem-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet
kärhanasy tarapyndan guraldy.
Mejlise Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň —
Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan
Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri
gatnaşýarlar.
Duşuşygyň dowamynda teswirnamanyň taslamasyny,
hususan-da, onuň girişini, bu teswirnamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkär
ygtyýarly edaralary, Hazar deňziniň biologiýa serişdeleriniň bikanun
awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlygyň guralyny,
görnüşlerini we çäklerini kesgitlemegi ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde
tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Hazar deňzine diňe parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi hökmünde garalmalydyr. Bu üýtgewsiz nukdaýnazardan ugur alyp, türkmen Lideriniň başlangyçlary esasynda Hazarýaka döwletleriň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça resminamalar hem-de degişli taslamalar yzygiderli işlenip taýýarlanylýar, onuň şertnamalaýyn-hukuk binýady, şol sanda bu deňziň täsin ekologiýa ulgamyny we biologiýa serişdelerini gorap saklamak babatynda degişli kanunçylyk binýady kemala getirilýär.