11-nji fewralda sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen
iş maslahatynda DIM-y R.Meredow şu ýylyň mart aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda ýedinji gezek geçirilýän «Hazar deňzi — durnukly ösüş we netijeli
dolandyrmak» atly sebit maslahatyny guramagyň meseleleri barada hasabat berdi.
Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň
meseleleri boýunça Döwlet kärhanasynyň Halkara okeanlar instituty bilen
bilelikde guraýan her ýyllyk forumyna Hazarýaka döwletleriniň hünärmenleri
gatnaşar.
Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Sebitara we halkara
hyzmatdaşlygy meselesinde möhüm orun eýeleýän ýurdumyz bu sebitde
parahatçylygy, durnuklylygy we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek,
Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek
işine mynasyp goşant goşýar.
Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň baý ýataklary we beýleki serişdeler, amatly howa ýagdaýy Hazar deňziniň gurşawynyň Ýewraziýa giňişliginde sazlaşykly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwrülmegini üpjün etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde Hazaryň ekologiýa howpsuzlygynyň bitewi we pugta ulgamyny döretmek babatda ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ähmiýetiniň artýandygyny belläp, milli Liderimiz her ýylda geçirilýän sebitleýin maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.