22-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginde Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş
direktory hanym Monik Elua bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk
geçirildi.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Oba hojalyk we daşky
gurşawy goramak ministri, «Türkmenatlary» Döwlet birleşiginiň başlygy, Daşary
işler ministriniň orunbasary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň rektory gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurdaky ylmy
maglumatlary alyşmak, kanunçylyk binýadyny we weterinar gullugynyň gorlaryny
kämilleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar 2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň hökümeti bilen Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň arasynda atlaryň kesellerinden azat zolagy döretmek we atçylygy ösdürmekde tehniki kömegi üpjün etmek babatdaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygyň maddalaryna seredip geçdiler. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň orny barada hem bellenip geçildi.