8-nji noýabrda
geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde
wise-premýer B.Abdyýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu
ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek
çärelere taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Baýramçylyk
mynasybetli esasy çäreler «Aşgabat» atçylyk sport toplumynda geçiriler. Bu
ýerde paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň döredijilik toparlary, teatrlaryň
artistleri çykyş ederler.
Adaty däbe
görä, baýramçylyk mynasybetli sergi guralar. Onda ýurdumyzyň tohumçylyk we
bakjaçylyk ulgamynda ýeten derejesi, dokma hem-de sowgatlyk önümleri,
amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri, ýaş suratkeşleriň döreden eserleri
görkeziler.
Baýramçylygyň
maksatnamasyna çagalar sport toparlarynyň görkezme çykyşlary, milli oýunlar,
maldarçylyk we ekerançylyk däpleri bilen tanyşlyk, dürli milli tagamlary
taýýarlamak ýaly çäreler girizildi. Şeýle hem dabaraly maslahatlar, mowzuklaýyn
döredijilik duşuşyklary, sergiler, beýleki çäreler guralar, sahna eserleri
görkeziler.