29-njy maýda geçirilen
Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde
wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow göni
wideoaragatnaşyk arkaly harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine
ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, harby doktrinamyzdan ugur almak bilen harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ýanyndaky ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny
döwrebaplaşdyrmak üçin degişli resminama gol çekdi hem-de resminamany elektron
resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, öňde goýýan wezipeler bilen
baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.