«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw jaýlary öz nobatdaky uçurymlaryny dabara bilen serkerdelik ýoluna ugratdylar. Dabaranyň başynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine, professor-mugallymlaryna iberen Gutlagy okaldy.
Uçurym dabaralarynyň gözel paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüniniň meýdançasynda geçirilmegi juda ýerine düşýär. Sebäbi Konstitusiýa – jemgyýetiň we döwletiň, Watanyň mizemez hukuk binýady. Baýdak bolsa döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewüliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslikdir. Ýaş serkerdeler şol mukaddesligiň, parahatçylygyň, ýurdumyzyň konstitusion gurluşynyň ygtybarly goragçylary bolmak bilen, Watana wepalylyk kasamyny hut şu ýerlerde kabul etdiler.
Ylym-bilim bilen birlikde, harby taýýarlyklardan ýüki ýetik harby uçurymlaryň ýüzlerindäki buýsanjy söz bilen beýan etmek mümkin däl. Uçurym bolan harby talyplar dabara meýdanynda eline Watan goragçysynyň şahsyýetnamasyny, «leýtenant» harby ady bilen birlikde, jogapkärli hem mukaddes borç alyp, ak ýola rowana boldular. Olar döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ata Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etjekdikleri barada hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Ruhy belent, harby hünäri jany-teni bilen söýýän, harby durmuşa öz ykbalyny bagyş etmäge taýýar harby uçurymlary görüp, olaryň mukaddes Watanyň, il-ulsuň abadançylygynyň goragynda bolmakda has beýik sepgitlere ýetjekdiklerine ynamyň artýar.
Uçurym dabarasynyň fotosuratlaryny «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».