03.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby türgenlerimiz ussatlygyny basketbol meýdançasynda subut etdiler
Harby türgenlerimiz ussatlygyny basketbol meýdançasynda subut etdiler
03.11.2020 175 Sport

Şu gün Harby institutyň basketbol meýdançasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň basketbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda geçirilen sport çäresi baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan sport ýaryşlarynyň çäklerinde guraldy.

Täsirli duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubunyň harby türgenleri sport taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi. Bu bolsa merdana Watan goragçylarymyzyň sporta bolan söýgüsiniň bimöçber uludygyny görkezdi.

Ýaryş Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň peýdasyna tamamlandy. Ýeri gelende aýtsak, basketbol boýunça harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda guralýan ýaryşlaryň jemleýji tapgyry şu ýylyň 27-nji noýabrynda geçiriler. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň arasynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. 

«Milli goşun».