Bilşimiz ýaly, şu ýylyň fewral aýynyň 5-7-si aralygynda sportuň erkin göreşi görnüşi boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň harby gullukçylary hem gatnaşdylar. Olardan 125 kg agram derejesinde iki türgen gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýagny, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Belliýew Söhbet 1-nji orny, uly leýtenant Wepa Orazmyradow bolsa 3-nji orny eýelediler. Harby türgenlerimize mundan beýlägem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
«Milli goşun».