2021-nji ýylyň 12 – 14-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň
paýtagty Daşkent şäherinde Sambo boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa
Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndy topary hem gatnaşyp,
üstünlikli çykyş etdiler. Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) maglumatyna görä,
Daşkentdäki dünýä çempionatyna 50 döwletden wekil gatnaşdy.
Türkmenistanyň sambo boýunça dünýä çempionatyndaky ilkinji medalyny Nedir
Allaberdiýew gazandy. 28 ýaşly samboçy 79 kilogram agramda bürünç medala eýe
boldy. Şonuň ýaly-da, söweşjeň sambonyň wekilleri hem ýurdumyzyň ýygyndysynyň
gazanan medalynyň sanyny artdyrmagy başardylar. 71 kilogram agramda Abdylla
Babaýew, 79 kilogram agramda Rüstem Penjiýew dagy dünýä çempionatynyň bürünç
medalyna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Rüstem Penjiýewiň
gazanan nobatdaky halkara ýeňşi ähli Watan goragçylarynyň buýsanjyny artdyrdy. Harby
türgeniň bu üstünligi harby gullukçylaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
döredip berýän giň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanýandyklarynyň, şeýle hem
ýurdumyzyň dünýä derjesindäki sport abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky
subutnamasyna öwrüldi.
«Milli goşun».