2019-njy ýylyň
8-9-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi
serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň
psiholog harby gullukçylary bilen okuw-usulyýet ýygnanyşygyny geçirildi. Okuw-usulyýet
ýygnanyşygynyň dowamynda harby psihologlar özleriniň zähmet çekýän harby bölümlerinde
2018-nji okuw ýylda geçiren pisihologiýa işleri we şahsy düzümiň
ahlak-psihologik ýagdaýy barada hasabat berdiler. Soňra okuw-usulyýet
ýygnanşygyna gatnaşýan harby gullukçylary Kelete meýdan okuw-türgenleşik
merkezine gidip, okuw sapaklaryny geçdiler. Okuw-usulyýet ýygnanyşygynda maýor
Bahadur Hojamgulyýew, maýor Azat Annaýew ýaly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
tejribeli harby psihologlary degişli
temalar boýunça sapak berdiler.
Şeýle
ýygynlaryň ýygy-ýygydan geçirilmegi goşunyň ahlak-psihologik ýagdaýynyň has-da
gowulanmagynda uly ähmiýete eýedir.
«Milli goşun».