Ýurdumyzyň
umumy bilim berýän orta mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň
Altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň 2019-2020-nji okuw ýylyndaky şäher tapgyry
hem geçirildi. Onda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew
adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň 2-si 1-nji orna,
2-si 2-nji orna we 2-si 3-nji orna mynasyp bolup, ýurdumyzyň harby bilim
ulgamynyň ýokary sepgitlere ýetendigini nobatdaky gezek aýdyň subut etdiler.
Taryh dersi
boýunça 1-nji orna mynasyp bolan 9-njy «Ç» synpda okaýan harby okuwçy Yhlas
Şirmedow bilen gürrüňdeş bolanymyzda: «Taryh dersine bolan gyzyklanma mende
4-nji synpda döräpdi. Ata-babalarymyzyň taryhy ýoly, türkmen şahsyýetleri,
türkmen döwletleri barada okamagy gowy
görerdim. Olara meňzemek islärdim. Ine, şu arzuw-isleglerim meni harby mekdebe
getirdi» – diýip, özüniň ýürek buýsanjyny gürrüň berdi.
Fizika dersi
boýunça 1-nji orna mynasyp bolan 9-njy «Ç» synpda okaýan harby okuwçy Yslam
Sahadow hem bäsleşik barada şeýle diýdi: «Fizika dersi boýunça mekdep
okuwçylarynyň arasynda 1-nji orna mynasyp bolmagymda ders mugallymlarymyň
hyzmaty diýseň uly. Olaryň okuw ýylynyň dowamynda maňa öwreden formulalary,
gysga çözüliş ýollary bäsleşigiň ýeňil geçmegine kömek etdi. Men mugallymlaryma
köp sagbolsun aýdýaryn!».
Döwrüň ösmegi,
tehnologik gurallaryň kämilleşmegi bilen orta mekdeplerde berilýän bilimiň
derejesi has-da ýokarlanýar. Orta mekdepler bilen bir hatarda ýurdumyzyň
Ýöriteleşdirilen harby mekdepleri hem döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösen
tehnologik abzallar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa, harby okuwçylaryň okuw
sapaklaryny aňsat özleşdirmeklerine, öz garaýyşlary bilen dürli täzelikleri
oýlap tapmaklaryna, aň taýdan kämil, dürli tehnologik abzallardan baş alyp
çykmagyna ýardam edýär.
«Milli goşun».