Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bilim
ulgamyndaky edaralary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin ähli tarapdan kämil
we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendirler. Bu asylly işde
ýaş watançylary – geljekki Watan goragçylaryny taýýarlaýan Ýöriteleşdirilen
harby mekdepler esasy orny eýeleýär.
Olaryň işiniň alnyp barlyşy barada Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen
harby mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Eziz Ismailowyň mysalynda aýdyp bolar.
Ägirt uly döredijilik ukyby bolan ýetginjek heniz çagalykdan surat çekmek
bilen meşgullanyp başlaýar. Öz önüp-ösen Bäherden şäherinde onuň zehinini Ýörite
çagalar sungat mekdebiniň suratkeş mugallymlary duýup, ony suratkeşlik bölümine
kabul edýärler.
Ol ýerde okan döwri geljekki harby okuwçy öz
halypalaryny döredijilige bolan söýgüsi bilen geň galdyrýar. Onuň deň-duşlary
ýerine ýetirilen öý işi hökmünde 15-20 surat getirýän bolsalar, ol 70-80 sany
ajaýyp we gaýtalanmaýan işleri getirýärdi.
«Men surat çekmekden hiç ýadamaýardym» diýip,
ýetginjek çagalyk döwrüni hakydasynda janlandyrýar. Wagt geçip, ol öz geljegi
barada, durmuşyny baglajak hünäri barada has köp oýlanyp başlaýar.
Saýlaw ýeňil we aýdyň bolandyr öýdýänsiňiz.
Suratkeşlik, sungat, sergiler we watandaşlaryň sylag-hormaty... Ynha, şular ýaş
zehinli suratkeşe garaşýardy. Emma ol özüne başga ugur saýlaýar we
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji
Ýöriteleşdirilen harby mekdebine girýär.
– Mümkin, meniň maşgalamda harby adamlaryň barlygy
sebäpli, bu meniň ganymda bardyr. Olar meniň dünýägaraýşyma uly täsir etdiler.
Olaryň ýörelgesine eýerip, men öz durmuşymy Watan goragy bilen baglamaly diýen
karara geldim – diýip, harby okuwçy öz saýlawy barada pikirlerini paýlaşdy.
Şu ýerde «Harby mekdep we sungat utgaşmajak zatlar,
ýetginjek ol ýere gireninden soň döredijilik bilen meşgullanmasyny goýmaly
bolar» diýip pikire gelnen bolmagy ahmal. Emma hakykatda hemme zat düýbünden başgaça
boldy. Harby okuwçy bolanyndan soň E.Ismailow diňe bir suratkeşlik bilen meşgullanman,
eýsem, başga-da birnäçe dürli hünärleri ele alyp başlaýar. Ol fototehnika we
çeper surat bilen meşgullanmagy, saz gurallary çalmagy, daşary ýurt dillerini –
rus, iňlis, nemes, türk we ýapon dillerini çuňňur öwrenmegi ýola goýýar.
– Harby mekdebimizde harby okuwçylaryň şahsy
wagtynda näme bilen meşgullanýandygy gözegçilikde saklanýar. Bärde mynasyp
başarnyklary we ukyplary hökmany suratda höweslendirmeli diýen düşünjä
eýerilýär – diýip, zehinli ýetginjek aýdýar.
Terbiýeçiler harby okuwçylaryň meşgullanýan
ugurlary has köp bolar ýaly yhlas edýärler. Mysal üçin Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby
mekdebine belli şahsyýetler we dürli ugurlar boýunça hünärmenler – şahyrlar,
ýazyjylar, suratkeşler, aýdymçylar, sazandalar, türgenler, alymlar yzygiderli çagyrylýar.
Olar harby okuwçylar bilen gürrüňdeş bolup, olar üçin gysga sapaklary
geçirýärler, olaryň döredijiliklerine baha berýärler.
– Örän gysga wagtyň içinde men harby mekdepde adaty
durmuşda aňsat duşup bolmajak birnäçe meşhur şahsyýetler bilen tanyşdym –
diýip, harby okuwçy aýdýar.
Ýöriteleşdirilen harby mekdepde harby okuwçylara özleriniň
ukybyny açmak üçin ähli şertler döredilýär. Olar mugallymlarydyr serkerdeleri
tarapyndan berilýän goldawy duýup, birnäçe hünäri ele alýarlar. Bu asylly
işleriň giňden ýola goýulmagy üçin harby mekdepde birnäçe döredijilik maksatly
gurnaklar açylýar, goşmaça açyk okuw sapaklary geçirilýär. Harby okuwçylar özleriniň
döredijiliginiň beýany bolan mekdep gazetiniň, žurnalynyň we habarlar
gepleşiginiň döredilmegine hem işjeň gatnaşýarlar.
Harby taýýarlyk bilen bir hatarda harby okuwçylar
dürli olimpiadalara, sport we döredijilik ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Olaryň
köpüsi ählihalk bäsleşikleriniň medallarynyň, kuboklarynyň we Hormat hatlarynyň
eýeleri bolup durýar.
– Häzirki wagtda käbir deň-duşlarym bilen halkara
bäsleşiklerine gatnaşmaga taýýarlyk görýäris – diýip, E.Ismailow belleýär.
Zehinli ýetginjegiň esasy arzuwlarynyň içinde
Italiýa – meşhur Leonardo Da Winçiniň doglan we ýaşan ýerine baryp görmek bar.
Bu taryhy şahsyýet ýaş ýetginjek üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Leonardo Da
Winçi şol bir wagtda suratkeş, oýlap tapyjy, ýazyjy, şahyr, alym bolupdyr.
Mahlasy, ol ähli tarapdan kämilleşen şahsyýet. Şular ýaly şahsyýetleri
terbiýelemek bolsa Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň ilkinji nobatdaky
wezipeleriniň biri bolup durýar. Harby okuwçy E.Ismailowyň mysalynda alanymyzda,
bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelinýär.
Zehinli harby okuwçynyň birnäçe gyzyklanýan
ugurlary bar bolsa-da, mundan soňam köp zatlary öwrense-de, harby durmuş onuň
üçin hemişe birinji ýerde durýar.
– Galan zatlar meniň üçin güýmenje ýaly bir zat. Meniň ykbalym sungatdan üzňe bolmaz. Emma meniň esasy wezipäm – Watany goragydyr – diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň geljekki serkerdesi aýdýar.
Eziz ÖWEZOW, «Milli goşun».