08.03.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby bilim sanly ulgama geçirilýär
Harby bilim sanly ulgama geçirilýär
29.07.2019 509 Harby Bilim

Diňe goranyş häsiýetli Harby doktrina esaslanýan ýurdumyzda harby bilimiň kämilleşdirilmegine, giň dünýägaraýyşly ýokary hünär derejeli serkerdeleriň taýýarlanmagyna uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň okuw meýilnamasy tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilýär.

Geçen okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebiniň ähli binalarynda ýerleşýän kompýuterler bir bitewi lokal tor bilen birikdirildi. Bu toruň kömegi bilen institutyň mugallymlary we harby talyplary aňsatlyk bilen uly göwrümli maglumatlara aralaşyp, okuw meýilnamasyny yzarlap, resminamalaryň, kitaplaryň we okuw materiallarynyň toplumyny ulanyp bilýärler. Täze toruň döredip beren ähli mümkinçilikleri okuw prosesiniň çäklerinde ulanylýar.

Ýokarda agzalan toruň we onuň üstüni ýetirýän programma üpjünçiliginiň zehinli harby talyplar we olaryň mugallymlary tarapyndan ýerine ýetirilendigini aýratyn belläp geçmelidir.

«Milli goşun».