milli goshun logo
Harby aňtaw, gözegçilik işleriniň täze çygry
Harby aňtaw, gözegçilik işleriniň täze çygry
31.03.2025 62 Tehnologiýa

«Next Generation Xtender» elektrik hereketlendirijili döwrebap bu uçarmansyz uçýan enjam dörtburç şekilde bolup, ol ýörite maksatly bölümçelere goldaw bermek, razwedka, gözegçilik işlerini alyp barmak üçin niýetlenendir. Ol 100 km / sag tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr, uçuş dowamlylygy bolsa 16 minuda deňdir. Uçarmansyz uçýan enjam Xtender wirtual äýnegi arkaly dolandyrylýar. Bu enjam gijelerine hem hereketleri saýgarmaga we yzarlamaga ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, onuň hereketine ýörite programmanyň üsti bilen gözegçilik edip, ýygnalan maglumatlary ýazga alyp hem bolýar. «Xtend» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän enjam ýokary derejeli has möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge hem ukyply bolup durýar.