26-njy noýabrda milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz
etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet
merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi. Dabaralaryň
çäklerinde ady agzalan muzeýlerde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergileriň
ýaýbaňlandyrylmagy wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Muzeýlere gowşurylan gymmatlyklaryň hatarynda Gadymy
Nusaý, Altyndepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Garadepe, Paryzdepe ýaly dünýä
belli ýadygärliklerden, Ahal welaýatynyň beýleki gadymy ilatly ýerlerinden
dürli ýyllarda tapylan 300-den gowrak arheologik tapyndy, şol sanda at
heýkeljigi, toýun gaplar, metal merdiwan, peýkam ujy, iş gurallary we
beýlekiler bar.
Paryzdepeden tapylyp, ýurdumyzyň arheologlary tarapyndan
rejelenen eneolit döwrüniň (daş-mis asyry) keramiki gaby uly gyzyklanma
döredýär.
Şeýle-de muzeýlere antik döwre degişli arheologik
tapyndylar gowşuryldy. Hünärmenleriň pikiriçe, şolaryň hatarynda Sarahs
etrabynyň çäginde ýerleşýän «Pulhatyn» köprüsi binagärlik ýadygärliginiň
golaýyndan tapylan, ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň şekili şekillendirilen
kümüş teňňe ady rowaýata öwrülen serkerdäniň ýörişi barada birnäçe maglumatlary
ýüze çykaryp biler.
Arheologlar tarapyndan Gadymy Nusaý galasyndan dürli
döwürlerde tapylan tapyndylaryň hatarynda ajaýyp binagärlik bezegleri bar.
...Arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralaryna
gatnaşyjylar gözlegleriň netijeleri barada durup geçip, Diýarymyzyň çäginden
tapylan gymmatlyklaryň adamzat medeniýetiniň ösüş taryhynda uly ähmiýete eýe
bolandygyny tassykladylar.