Şu gün Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni
mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy
düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly
myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň
agzalary, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary
döwletleriň, halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň
işgärleri bar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda zenanlar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar.
Maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň zähmet
çekmekleri, dynç almaklary üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli
ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly,
müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip,
şahsyýetiň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da
berkitmekde, aýratyn-da, ýokary watançylyk duýguly, milli buýsançly ýaşlarymyzy
— Watanymyzyň daýanjy bolan täze nesilleri terbiýelemekde dilleri senaly
enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Berkarar
Watanymyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň
sylag-sarpasy, abraý-mertebesi örän belentdir.
Häzirki wagtda türkmen zenanlary diňe bir maşgala ojagynyň
eýesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň
dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen,
ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar, döwletimiziň
syýasy durmuşyna işjeň gatnaşyp, jemgyýetde aýratyn orny eýeleýärler.
Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkeklerdir zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün
edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Esasy Kanunymyz jynsyna garamazdan,
ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär.
«Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün
edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli
ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esasy binýada öwrüldi. Bu bolsa
jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda demokratik we deňhukuklylyk
ýörelgelerinden ugur alynýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň çäginde zenanlaryň
meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk
edýär we bu ugurdaky halkara konwensiýalaryň düzgünlerini yzygiderli durmuşa
geçirýär. Döwletimizde zenanlaryň mertebesini belent tutup, olaryň bagtyýar
durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek durnukly ösüşiň özeni hasaplanýar. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyz zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara
başlangyçlar bilen çykyş edýär, bu babatda sebit maksatnamalaryna işjeň
gatnaşýar. Geçen ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen
Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Häzirki zaman
jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat munuň anyk güwäsi boldy.
Zenanlar Diýarymyzda bellenilýän her bir baýramçylyga
özboluşly bezeg berýärler. Olaryň näzik elinden, döredijilik ylhamyndan dörän
halylar, milli egin-eşiklerimiz, halk döredijiliginiň naýbaşy eserleri bolan
läleler, hüwdüler, monjugatdylar, öleňler medeni mirasymyzyň kemala gelmeginde
ähmiýetli orny eýeläpdir. Mähriban gelin-gyzlarymyzyň zehininden kemal tapan
türkmen milli halyçylyk, keşdeçilik we ýüpekçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi-de muny doly
tassyklaýar.
Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary
— ordendir medallar bilen sylaglanylýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda
hem hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady
dakmak hakynda Permana we edara-kärhanalarda zähmet çekýänlerden başlap,
pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere
çenli ähli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara täze öýleriň
açarlarynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.
Döwletimiziň özleri baradaky aladasyny hemişe duýup ýaşaýan
ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawlar, maşgala ojaklaryndaky
abadançylyk, saýlap alan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek,
çagalaryny gülläp ösýän abadan ýurtda terbiýelemek babatda döredilýän
mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur
hoşallyklaryny bildirýärler.
...Söwda-senagat edarasynda Watanymyzyň ajaýyp
gelin-gyzlarynyň hormatyna geçirilen dabara şowhunly pursatlara baý boldy.
Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert ýurdumyzyň
birleşen teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly, Arkadagly Serdarly
gül Watanda eneleriň mähri bar» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen
açyldy. Çykyşda türkmen zenanlarynyň we mährem enelerimiziň gözelligi,
hoşniýetliligi, päk ahlaklylygy, berkarar Watanymyzda zenanlara goýulýan
hormat-sarpa wasp edildi.
2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym şowhunly el
çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Bu joşgunly aýdymda Türkmenistanyň bedew batly
ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge
gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
durmuşa geçirilýän giň gerimli işler wasp edildi.
Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, meşhurlyk gazanan we täze
aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan we
iňlis dillerinde aýdymlar ýaňlandy. Baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan
konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, meşhur aýdymçylar, ýaş
ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem
gyz-gelinlerimize bagyşladylar. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen
utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy.
Dabara gatnaşyjylar «Küştdepdi» tansyny joşgunly el
çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu ajaýyp tans halkymyzyň medeni we ruhy
mirasynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanydyr.
Baýramçylyk dabarasy dünýämizi bezeýän, oňa sazlaşyk,
döredijilik şatlygyny bagyşlaýan ähli enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza,
zenanlarymyza bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryň beýanyna öwrülen
«Bagtyýar Diýaryň mähribanlary» atly aýdym bilen jemlendi.
***
Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň
ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň konsert
merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Mährem zenanlarymyza bagyşlanan ajaýyp
dabaraly çäreler şatlyk-şowhuna beslendi.