2-nji
maýda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden
bellenilýän gününde agtyklary bilen «Aşgabat» söwda we dynç alyş, işewürlik
merkezine geldi. Baýram günlerinde bu topluma gelip-gidýänleriň sany has köp
bolýar.
Hormatly
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy
bilen, asylly däbe öwrülen Oraza baýramynyň hormatyna yglan edilen baýramçylyk
gününde agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu
ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek,
dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen
tanyşdy.