Ozal
habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp
gelýändigini nazara alyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş
möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri
üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy
Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk
işleri bilen ýerinde tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.
Milli
Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy deňizýaka sebite saparynyň çäklerinde Hazaryň
ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna
baryp gördi.