21-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Halkbank terminal» täze mobil ulgamyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bu ulgam ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. «Halkbank terminalynyň» ulanyşa girizilmegi bilen, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ulanylýan töleg terminallarynyň ornuna degişli amallary sanly ulgamda amala aşyrmaga ukyply bolan programma üpjünçiligini ykjam telefonlara ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz «Halkbank terminal» täze mobil ulgamynyň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurda işleri amala aşyrmaga işjeň girişmegi, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki banklary tarapyndan şeýle ulgamlaryň işlenip taýýarlanylmagy baradaky meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.