27-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer
G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.
Ol milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat bermek bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň
Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýrugyň taslamasyny
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz resminama gol çekip, ony elektron
resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de baýramçylygyň
hormatyna meýilleşdirilen dabaralary degişli derejede guramagyň zerurdygyny
belledi. Pul sowgatlary çagalar edaralarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde
bilim alýan gyzlara, Döwlet gullugy akademiýasynda, aspiranturada,
doktoranturalarda we kliniki ordinaturalarda, ýokary okuw we ýörite hünärment
mekdeplerinde okaýan gelin-gyzlara, şeýle hem býujet edaralarynda zähmet çekýän
hem-de pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan aýal-gyzlara gowşurylmalydyr
diýip, milli Liderimiz resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde
saklamak barada degişli tabşyryklary berdi.