8-nji martda
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda
ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Bu ajaýyp
baýramçylyk mynasybetli guralan konsertde zenanlar tüýs ýürekden gutlaglary
hem-de özlerine bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlardan lezzet aldylar, onda
ýurdumyzyň belli aýdymçylary we döredijilik toparlary konsert maksatnamasy
bilen çykyş etdiler.
Çykyşda milli
Liderimiziň belleýän türkmen zenanlarynyň hem-de olaryň häsiýetleri beýan
edildi. Konsertde eneleriň, ähli watandaş zenanlarymyzyň gözelligi, kalbynyň
päkligi hem-de wepalylygy, çäksiz mähri öz beýanyny tapdy.
Şu günler ähli
ýerlerde ajaýyp zenanlarymyza tüýs ýürekden gutlaglar we arzuwlar aýdylýar,
olaryň hormatyna sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar we beýleki çäreler guralýar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň iň gowy teatr
sahnalarynda hem-de konsert meýdançalarynda guraldy.
Baýramçylyk
çäreleriniň umumy görnüşinden ajaýyp sazlaşyk emele geldi, garaşsyz
Türkmenistanyň zenanlaryna gowşurylan gül desseleri we olaryň şadyýan keşpleri
baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.