milli goshun logo
Halkara ylmy duşuşyk
Halkara ylmy duşuşyk
17.10.2024 91 Habarlar

Düýn – 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi.

Forumyň çäklerinde myhmanlar açyk asmanyň astyndaky ýadygärlikler, hususan-da, gadymy Änew galasy we meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärligi bilen tanyşdylar, şeýle hem olary ylmy esasda öwrenmek barada pikir alyşdylar. Foruma gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň ähmiýetini nygtap, dünýäniň taryhy-medeni gymmatlyklaryny, onuň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen topragyndaky ýadygärlikleri we gymmatly arheologik tapyndylary öwrenmekde hem-de aýawly saklamakda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen köpugurly mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan etdiler.