milli goshun logo
Halkara ýaryşyň ilkinji gününiň netijeleri
Halkara ýaryşyň ilkinji gününiň netijeleri
15.04.2024 199 Sport

Eziz Diýarymyzda 15 – 20-nji aprel aralygynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň birinji güni tamamlandy. Habar berşimiz ýaly, bu gün 1-nji tapgyrda «А» toparçada Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Nationals», «В» toparçada Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Team-Turkiye», «А» toparçada Türkmenistan döwletimiziň «Galkan», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club», «В» toparçada Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparlary duşuşdy.

Ýaryşyň görkezijileri boýunça şeýle netijeler gazanyldy:

 

«A» toparça

«Feniks» (Özbegistan) – «Oman Nationals» (Oman) – 11:3

«Galkan» (Türkmenistan) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) – 8:1

 

«B» toparça

«Akmola» (Gazagystan) – «Team-Turkiye» (Türkiýe) – 5:3

«Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa)  «Dordoý» (Gyrgyzystan) – 8:3