Şu
gün Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp Halkara «Türkmen alabaý itleri»
assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde
geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň
dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda
halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp
barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň
usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna aýratyn
ähmiýet berilýär.
Mejlise
ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw
mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary we daşary
ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Alabaýlara aýratyn gadyr goýýanlaryň şeýle
duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny
kesgitlemäge ýardam berýär, bilelikdäki täze taslamalar bilen baýlaşdyrýar,
itşynaslyk ugrunda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert döredýär. Şunuň
bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de beýleki iri guramalar, şol sanda
bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurtly assosiasiýalar, ýuridik taraplar,
dünýäniň dürli ýurtlaryndan hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin
hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Gatnaşyjylar,
ilki bilen, türkmen alabaý itleriniň edermenligini şekillendiriş we amaly-haşam
sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, fotosuratlarda çeper beýan etmek
boýunça döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.
Alabaýlar
milli medeniýetimiziň möhüm bölegidir. Sebäbi olar halkymyzyň sazlaşyk,
gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini, garaýyşlaryny
beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, sungatyň wajyp ugruny emele getirýär.
Häzirki döwürde bu keşpler özüniň ähmiýetini birjik-de peseltmän, has çuň
many-mazmuna eýe boldy. Alabaýlar müňlerçe ýylyň dowamynda türkmen halkynyň
wepaly hemrasy bolmak bilen, diňe bir kömekçi, goragçy däl, eýsem, dost we
syrdaş bolup, batyrlygyň, çäksiz wepadarlygyň-da nusgasyna öwrüldiler. Şoňa
görä-de, ynsanyň hemrasy bolan alabaýlar halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda,
edebiýatynda we halk döredijiliginde mynasyp orun eýeleýär.
Mejlisde
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine garaldy.
Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz
bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly
başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek,
olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda
öwrenmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri»
assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi
berdi.
Garaşsyz
ýurdumyzda gözbaşy gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatyny
ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we
Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän
merkezleriniň gurulmagy bilen, itşynaslarymyz üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş
alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý
itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde,
neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda
halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat
işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi türkmen
alabaýynyň jemgyýetimizdäki we halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da
artdyrýar.
Mejlise
gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga,
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda dünýä ýurtlarynyňdyr halklarynyň
arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny bellediler. Çykyş
edenleriň nygtaýşy ýaly, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň
agzalarynyň sanynyň yzygiderli artmagy, şol sanda onuň düzümine daşary ýurtly
kinologlaryň hem kabul edilmegi türkmen alabaýynyň dünýä derejesinde
wepalylygyň, dostlugyň nyşanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.
Çykyşlarda
nygtalyşy ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdan
medeni gymmatlygydyr. Alabaýlar tutuş dünýäde güýç-kuwwaty, akyllylygy we
wepalylygy bilen meşhurlyk gazanyp, iň gadymy hem-de naýbaşy tohumlaryň biri
hasaplanýar. Bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda
Gahryman Arkadagymyzyň hyzmaty örän uludyr. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy»
atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda alabaýlaryň eýeleýän möhüm orny barada
giňişleýin gürrüň berilýär. Çykyş edenler bu eseriň ynsanperwer ähmiýetini belläp,
onuň baý mazmunynda arheologiýa we etnografiýa babatda ylmy-gözleg
maglumatlarynyň getirilýändigini, meşhur türkmen seçgiçileri tarapyndan
ösdürilip ýetişdirilen tohumyň aýratynlyklary barada gyzykly delilleriň beýan
edilýändigini, onuň kinologlar we birnäçe ugruň hünärmenleri, giň okyjylar
köpçüligi üçin aýratyn gymmatlykdygyny nygtadylar. Geçen ýyl türkmen alabaý
itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilmegi ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklarynyň
halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Dünýä
medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny
ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini
netijeli alyp barmakda, olara tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere
öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady
bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy»
diýen hormatly atlar döredildi. Nygtalyşy ýaly, dünýäde alabaýlaryň özboluşly
aýratynlyklaryny, olaryň eýesine wepalylygyny giňden wagyz etmek zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda daşary ýurtly kärdeşler bilen özara bähbitli
gatnaşyklary ýola goýmak hem-de giňeltmek assosiasiýanyň esasy wezipeleriniň
biridir.
Milli
mirasymyzy wagyz etmekde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalara baý bolandygy aýratyn
bellenildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň 1 müň 200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy
bilen utgaşmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli
gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Onuň
çäklerinde alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň guralmagy ýaýbaňlandyrylan
dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň
baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalaryny
we hususy itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk
itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi — yzarlaýjy itleriň
gözükdirijisi B.Halwatjanowa we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
harby bölüminiň it idedijisi P.Bäşimowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy»
diýen hormatly at dakyldy.
Hormatly
ada mynasyp bolanlar belent buýsanç bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp
barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar geljekde hem bu tohumyň
arassalygyny saklamak, täze nesil ugurlaryny döretmek, türkmen alabaýlarynyň
sanyny köpeltmek boýunça ylmy-seçgiçilik işlerini alyp barjakdyklaryna
ynandyrdylar.
Mejlisiň
dowamynda döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri»
assosiasiýasynyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze
agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Milli itşynaslar halkara
assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, bu guramanyň işine hemmetaraplaýyn goşant goşmaga taýýardyklaryny
mälim etdiler. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna täze kabul
edilen daşary ýurtly wekiller sanly ulgam arkaly çykyşlarynda türkmeniň
ahalteke atlaryny we alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin Türkmenistanda
döredilen döwrebap infrastrukturalaryň dünýä nusgalykdygyny aýratyn nygtadylar.
Olar milli medeniýete dünýä derejesinde belent sarpa goýulýan ýurtda döredilen
halkara assosiasiýa agza bolmagyň özleri üçin belent mertebedigini aýdyp, tüýs
ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Mejlise
gatnaşyjylar milli itşynaslyk ýörelgelerini halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir
bölegi hökmünde gorap saklamak baradaky aladalary hem-de berýän ünsi üçin
hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Şeýle hem olar Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan giň
gerimli işlerini mundan beýläk-de ilerletmekde bilimlerini we başarnyklaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.