Paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň — döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi.
Baýramçylyk günlerinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň «Alberk QA Academy» halkara guramasy tarapyndan Laýyklyk standartyna görä, Hil dolandyryş ulgamyny hem-de Daşky gurşawyň dolandyryş ulgamyny ýerine ýetirýän we berjaý edýän edara hökmünde bellige alnandygyny hem-de itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ISO 9001:2015 we ISO 14001:2015 talaplaryna laýyklykda, ýörite şahadatnamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Täze desga Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde guruldy, çünki bu ýeriň tebigaty şol maksatlar üçin amatly bolup durýar. Toplumyň gurluşygy «Myradym» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylyp, ol baş potratçy hökmünde ähli işleri talabalaýyk ýerine ýetirdi.