Düýn – 2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Döwlet derejesinde sporty ösdürmek üçin möhüm çözgütler kabul edilip, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda tagallalar edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga ýardam berýändigini belläp, bu guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň sport babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.